Charles Bukowski (1920 – 1994), ABŞ
300 goşgy
Ol diýdi: “Bak muňa, ikije aýda
Üç ýüz sany goşgy ýazdym ajaýyp.”
Hem tutdurdy petde kagyz elime,
Men diýdim içimden: “Wah, bary haýp!”
Ýaşajyk gyz çykdy ýokaryk näzli,
Hem getirdi dür-dümenli tabagy.
Onuň kottežinde, gözel kenarda
Deňiz towsup girjek boldy içerik,
Men ýüzümi bukdum ak kagyzlarda.
Ol diýdi: “Bu sapar içipdirin bek,
Hemem ýazypdyryn, okaýaňmy sen?”
Ýaş gyz diýdi: “Ýene gerekmi et-set,
Getireýin derrew garaşdyrman men?”
Ol baýdy, meň durdy öýkenim görnüp,
A deňiz içerik girjekdi, girjek.
Men gutuljak boldum sahypa çümüp,
Bular goşgy däldi aýdylsa gerçek.
“Neneň gördüň? Niçik?” Sorady kişi.
Diýdim: “Boljak käsi... ýöne men heniz
Okap gutaramok...” Gysdym-da dişi.
Soň daşaryk çykdym, ýöneldim aşak,
Çygly çägä basyp, oýlandym uzak,
Suw bilen Aý göze saldylar duzak.
Soňra töwerege aýlandym biraz,
Ahyram ýokaryk ýöneldim assa,
Ýolugruna pikir etdim, elgaraz,
Goşgulaň boşlugy egnimden basdy.
()