• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Abdylla Arypowyň nesihaty

Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?

Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat diwarna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?

Ýalançy dünýäde gün görmek üçin,
Çümmedik ýalanym galmady myrtar.
Sen nämüçin hilegärlik edýärsiň,
Ýalançylyk seniň nämäňe derkar?

Çem gelene boljak boldum hoşamaý,
Aýak ýalap gezdim aç pişik ýaly.
Egildi bir zaman dik bolan başym,
Men saňa hiç rowa görmen bu haly.

Seret ata-babaň şöhrat-şanyna,
Ýalan şöhrat gözläp, gorpa ýykylma.
Men durmuş ýolunda boldum oýunjak,
Hemem betbagt boldum, sen beýle bolma.

Özbekçeden terjime.

  • 11.11.2016
  • Terjimeler
Bölüme soňky girizilenler
Oýnatgy bolmagyň iki ýoly 22.04.2017
Özüni tapan Güne çalymdaşdyr 19.04.2017
Akmagyň jenneti 28.02.2017
Halk kän, adam ýok 31.12.2016
Buddanyň 12 pähimi 04.12.2016
Adam tanamagyň açary 03.11.2016
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019