Adam tanamagyň açary
Şägirt halypasyndan soran:
"Maňa adam tanamagy, kime ynanmalydgyny, kimden ägä bolmalydygyny öwretsene?"
"Ilki saňa kimden ägä bolmalydygyny düşündireýin" - diýip, halypa aýdan.
"Daşyndan iň ýuwaş, tabyn we ygrarly görünýän adamdan ägä bol! Öňüňde gol gowşuryp, baş egýän, ýüzüňe her hili öwgüli sözleri aýdýan adamdan hemmeden beter seresap bol!"
"O nämüçin, halypa? - Şägirt geň galan. - Düşündirsene."
"Sebäbi ol saňa iň ilki bolup ikilik eder" - diýip, halypa uludan dem alan.
"Onda men kime ynanmaly?" - Şägirt soran.
"Sada we bir durkuny saklaýan, herne bolsa çynyny aýdýan adamlara ynan, olar saňa ilki bolup kömege ýetişer. Hakyky ygrar hemişe görnüp durmaýar, şol sebäpden ony tapmak kyn; emma tapsaň, ol saňa hiç wagt ikilik etmez."