Surat

Confusius aýdypdyr (2)

Giden ýeriňe bar ýüregiň bilen git.
Wherever you go, go with all your heart.

Eger birini ýigrenseň, seniň ondan ýeňildigiňdir.
If you hate a person, then you’re defeated by them.

Her näçe haýal gitseň git, iň esasysy togtamazlykdyr.
It does not matter how slowly you go as long as you do not stop.

Eger olar seniň arkaňdan tüýkürýän bolsalar, bu seniň öňden barýandygyňy aňladýar.
If they spit at you behind your back, it means you’re ahead of them.

Irimçik adamyň özünden gözleýän zadyny ownuk adam özgelerden gözlär.
What the superior man seeks is in himself; what the small man seeks is in others.

Men eşidýärin we ýatdan çykarýaryn. Men görýärin we ýatda saklaýaryn. Men (bir işi) edýärin we düşünýärin.
I hear, and I forget. I see, and I remember. I do, and I understand.

Öz söýýän işiňi saýla we sen ömrüňde bir gün hem işlemeli bolmarsyň.
Choose a job you love, and you will never have to work a day in your life.

Nämäni bilýäniňi we nämäni bilmeýäniňi bilmek hakyky bilimdir.
To know what you know and what you do not know, that is true knowledge.

Öz dostlaryňa ynanmazlyk olardan aldananyňdan has beter aýypdyr.
It is more shameful to distrust our friends than to be deceived by them.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019