Poznanly rawwiniň on nesihaty

Poznanly rawwin Ishak Ben Elýakim 1620-nji ýylda öz gyzy üçin "Ýagşy ýürek" kitabyny ýazyp, "gowy aýal bolmagyň 10 syryyny" aýdypdyr.

1. Ony ýatan wagty oýarma.
2. Adamyňy nahara garaşdyrma. Açlyk gahar-gazabyň atasydyr.
3. Oňa garşy çykma we öz pikir-maslahatyň onuňkydan gowudgyny tekrarlama.
4. Ony ynjytjak, göwnüni ýykjak söz aýtma. Eger sen oňa şa ýaly çemeleşseň, ol saňa şa aýaly ýaly garar.
5. Onuň duşmanlaryny goldama, dostlaryny ýigrenme.
6. Ondan mümkin däl zada garaşma.
7. Onuň puluna seresap çemeleş. Öz pul meseleleriňi ondan ýaşyrma.
8. Onuň syrlaryny gizlin sakla. Eger ol öwünse, muny hiç kime aýtma.
9. Eger sen onuň hajatlaryna ünsli bolsaň, ol seniň guluň bolar.
10. Adamyň gaharlananda seresap bol. Beýle ýagdaýda ne şadyýan, ne iňirdewük bol. Ýylgyr we ýuwaşja gürle.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024