Iň güýçli adam kim?

Monah Simeon Afonskiniň çylşyrymly soraglara beren ýönekeý jogaplary

Mugallymyň iň gowusy haýsy? - Hasrat.
Mugallymyň iň erbedi haýsy? - Keýp.
Başarnygyň iň seýregi haýsy? - Berip bilmek.
Başarnygyň iň gowusy haýsy? - Bagyşlap bilmek.
Başarnygyň iň kyny haýsy? - Dymyp bilmek.
Başarnygyň iň möhümi haýsy? - Soramagy oňarmak.
Başarnygyň iň zerury haýsy? - Diňlemek.
Göreşiň haýsysy iň howply? - Yňdarma, köre-kör göreş.
Endigiň iň ýakymsyzy haýsy? - Dawaçyllyk.
Endigiň iň ýaramazy haýsy? - Ýaňralyk.
Iň güýçli adam kim? - Hakykata düşünip bilýän.
Iň gowşak adam kim? - Öz-özüni iň güýçli hasaplaýan.
Iň paýhasly adam kim? - Öz ýüregine gulak asýan.
Haýsy baglylyk iň howply? - Öz bedeniňe baglylyk.
Iň garyp adam kim? - Puly hemme zatdan gowy görýän.
Hudaýa iň ýakyn adam kim? - Rehimli adam.
Betbagtlyga näme bilen garşy durmaly? - Şatlyk bilen.
Hasrata näme bilen garşy durmaly? - Sabyr bilen.
Sagdyn kalbyň alamaty näme? - Ynam.
Hassa kalbyň alamaty näme? - Umytsyzlyk.
Nädogry hereketiň alamaty näme? - Kejikmek.
Hoşgylaw hereketiň alamaty näme - Kalbyň rahatlygy.
Adamyň iň ejisi haýsy? - Başgalary ýeňen.
Adamyň iň güýçlüsi haýsy? - Özüni ýeňen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019