Hudaý ýüregiňi agyrtjak bolsa...
Ýewreý pähimleri
Özüň hakynda näçe köp pikir etseň, şonça-da az söýülersiň.
Eger peçde ýatsaň, hudaý jellat ibermez.
Mugtuna berilýän zatlaryň ählisini pul töläp alanyň ýagşy.
Bilim nesil arkaly geçmeýär.
Ýagşylyk uzak ýatlanar, ýamanlyk unuldylmaz.
Biz hudaýy günälerimiz bilen gaharlandyrýarys, adamlary - mertebämiz bilen.
Eliňden sypdyran guşuňy sen ýene-de tutup bilersiň, emma agzyňdan çykan sözi tutup bilmersiň.
Zynjyr altyndan ýasalanam bolsa, zynjyrlygyna galýar.
Hiç kime gözüň gitmesin, her kimiň özüne ýetik hasraty bardyr.
Bedeni ýuwup bolýar, kalby däl.
Eger söýgi gutaran bolsa, ol başlanan däldir.
Eger pul köýse, ýitse ýa-da ogurlansa, akylly adamlar "Pulda alanyň üçin sag bol, hudaý!" diýýärler.
Islendik düşnüksiz ýagdaýda ýatmaga git.
Hudaý adamyň ýüregini agyrtjak bolsa, kän akyl berýär.