Surat

Ýewreý pähimleri

Eger problemany pul bilen çözüp bolýan bolsa, ol problema däl, çykdajydyr.

Az gürläp, köp diňlär ýaly, hudaý adama iki gulak, bir agyz beripdir.

Erbet aýallardan seni hudaý gorasyn, gowularyndan özüň başyňy gutar.

Çakyr girdi, syr çykdy.

Hudaý hemişe hemme ýerde bolup bilmeýär, şu sebäpden ol eneleri ýaratdy.

Süýji bolma, iýerler. Ajy bolma, tüýkürerler.

Pulsuzlykdan hemme kişi zeýrenýär, akylsyzlykdan hiç kim zeýrenmeýär.

Geçiniň öňünden gork, atyň ardyndan, akmagyň hemme tarapyndan.

Bilim köp ýer tutmaýar.

Myhman we balyk üç günden aňkap başlaýar.

Eger depäňe çykmaklaryny islemeseň, aşak egilme.

Hudaý garyplary bolmanda gymmat düşjek günälerden gorap saklaýar.

Ene-atalar çagalaryna geplemegi öwredýärler, çagalar ene-atalaryna dymmagy öwredýär.

Daşdan hemme adam erbet däl.

Aýallar azrak gepleýän bolsa, erkekler köpräk iş ederdi.

Çalarmak akyl-paýhasyň däl, garramagyň alamaty.

Gowy gepländen gowy dymmak kynrak.

Erbet aýal ýagyşdanam erbet: ýagyş öýe kowýar, erbet aýal öýden kowýar.

Dünýä adamyň köplüginden däl, adam dälleriň köplüginden ýok bolýar.

Taňrym, maňa aýak üstüne galmaga ýardam ber, ýykylmagy özümem oňarýan.

Eger durmuş gowulyga tarap üýtgemeýän bolsa, garaş - ol erbetlige tarap üýtgär.

Söýgi näçe datly-da bolsa, ondan şerbet gaýnatmarsyň.

Edere iş bolmasa, beýik işlere başlanar.

Çagasy ýoklar olary gowy terbiýeleýär.

Gorkudan öleniňden gülmekden öleniň ýagşy.

Adamlar öz ýalňyşlaryny tejribe diýip atlandyrýarlar.

Adam garradygyça ýaramaz, emma köp görýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024