Nädip akyldar bolmaly?

Bir adam akyldaryň ýanyna gelip, ondan soraýar:
- Men nädip akyldar bolup bilerin?
- Gapydan çyk-da, onuň arkasynda dur - diýip, akyldar aýdýar.
Adam geň galýar, emma özüne aýdylan zady edýär: daşaryk çykyp, şol ýerde durýar. Köçede bolsa şol wagt bedreden dökülýän ýaly ýagyş ýagýan eken. Biçäre adam boýdan-başyna ezilýär. Ol ýarym sagatdan, halys durup bilmän, yzyna dolanýar.
- Men daşarda durdum, mundan näme netije? - diýip, ol akyldardan soraýar. - Ýa bir üýtgän zat boldumy?
-Ýagşyň aşagynda durkaň saňa aýan bolan zat bolmadymy? - diýip, goja sorapdyr.
- Näme aýan bolsun maňa? - Adam geňirgenipdir. - Men ýagyş astynda süllümbaý ezildim we özümi barypýatan akmak hasapladym.
- Sen möhüm açyş edipsiň - diýip, akyldar aýdan. - Eger adam özüniň akmakdygyny boýun alsa, diýmek, başlangyç bar. Akyldarlygyň başy hem şunda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024