Öwýän hemişe dost däldir
Hytaý pähimleri
Haýallamakdan gorkma, gymyldydan galmakdan gork.
Akmagyň bagtam samsyk.
Eger sen büdreseň we ýykylsaň, bu seniň ters ýoldan barýandygyňy aňlatmaýar.
Içinden gülki sesi eşidilýän külbe gussa çekilýän köşkden kän gowudyr.
Seniň ýalňyşyňy görkezýän hemişe seniň duşmanyň däldir; seni öwýän hemişe seniň dostuň däldir.
Bilmeýäniň üçin gorkma, öwrenmeýäniň üçin gork.
Mugallymlar diňe gapyny açar, aňry gitmek her kimiň özüne bagly.
Ýel her näçe güýçli össe-de, dag onuň öňünde egilmez.
Ýüregiňi giň tut-da ýaşaber, wagty gelende gülleriň özi açylar.
Köstsüz dost bolmaz; kemsiz dost gözleseň, dostsuz galarsyň.
Betbagtlyk özüne açylan gapydan girer.
Syýahatdan hiç kim öňküligine dolanyp gelmez.
Ýüzi gyzarýanyň ýügeriniň gara bolmagy mümkin däl.
Daglary ýerinden gozgamagy başaran adam kiçijik daşlary ondan-oňa süýşürmekden başlandyr.