Surat

Özüni bilýän dünýäni bilýär

Italian pähimleri

Oýun gutaranda şa-da, pyýada-da şol bir guta girýär.

Goýun bolup, ýüz ýaşanyňdan şir bolup bir gün ýaşanyň gowy.

Özüni bilýän dünýäni bilýär.

Eger sen isleseň, edip bolmajak iş ýok.

Adamlara olar hakynda edilýän gürrüň bilen nyrh kesme.

Çakyr bilen dostluk köneden bolmasa, gara şaýa degmez.

Ýalan sözleseň, uzak gürleme.

Wagtal-wagtal akmaklara çydamly bol, belki bir bilmeýän zadyňy öwrenersiň. Emma olar bilen hiç wagt jedelleşme.

Duşman ýeňlen ýaly görnende has howpludyr.

Aýal bilen jedelleşmegiň iki usuly bar. Ikisi hem derege ýaramaýar.

Eşek bolup doglan at bolup ölmez.

Gadyryňy bilmeklerini isleseň - öl.

Adam hatda jennetdede ýeke bolmak islemeýär.

Diňe puluň bolmagy ýeterlik däl, ony sowmagy hem başarmak gerek.

Ýüzüň hapa bolsa, diňe hakyky dostuň aýdar.

Problema saňa degmese, sen problema degme.

Dünýä sabyr-kanagatlynyňky.

Umyt ertirlik üçin gowy, ýöne agşamlyga gowy däl.

Dünýäde horaz dymyp, mäkiýan gygyrýan ketek ýok.

Kişi maslahatyny al ýa-da alma, emma hiç wagt özüňkiden dänme.

Hudaý dymýanlar bilen gürleşmegi gowy görýär.

Adamy kitaplara garanda ýyllar kän üýtgedýär.

Seniň rysgalyňy başga hiç kim almaz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024