Surat

Ýylgyr, betbagtlygyň içi gülmesin

Gabriel Garsia Markesiň pähimlerinden

Özüm hakynda

— Men şlýapany kimdir birleriniň öňünde çykarmak üçin geýmeýärin.
— Haçanda öz halymyň hakykatdan-da harapdygyny görsem, men kimdir birlerine bil baglamaryn, özüm özümi hendege zyňaryn.
— Soranlara men hemişe dogrymy aýdýaryn: satlyk aýallar maňa öýlenmäge wagt galdyrmady.

Bagt hakynda

— Bagtyň bejerip biljek derdini bejerýän derman ýok.
— Ýylgyr, betbagtlygyň içi gülmesin.
— Aňsat ýetilen bagt uzaga çekmez.

Söýgi hakynda

— Eger sen nämedir bir zady söýýän bolsaň, goýber. Eger seniňki bolsa, ol dolanar.
— Hiç kim seniň gözýaş dökeniňe degmez, gözýaş dökeniňe degýän bolsa, seni aglamaga mejbur etmez.
— Belki, sen bu dünýede ýekesiň, emma kimdir biri üçin bütin dünýäsiň.
— Özüň bilen bile boljak bolmaýan adama wagt sarp etme.
— Eger siz öz hakyky söýgiňize sataşsaňyz, ol sizden bir hepdeden, bir aýdan ýa bir ýyldan, hiç wagt gitmez.
— Gabanjaňlyk şwed otluçöpi ýalydyr, diňe öz gabynda ýanar.
— Garyplyk bar ýerinde söýgi-de bardyr...

Ömür we ölüm hakynda

— Adam ölmeli wagtynda däl, başaran wagty ölýär.
— Gowy garrylyk — öz ýalňyzlygyň bilen ylalaşyp bilmekdir.
— Men ýene bir zada düşündim, ölmek – gaýdyp dostlaryň bilen görşüp bilmezlik eken.
— Adamyň uruşda başdan geçirýän duýgularyny aňlatmak üçin bir söz – gorky ýeterlik bolsa, bu ýerde topar söz nämä gerek?

Döredijilik hakynda

— Edebiýat adamlaryň üstünden gülmek üçin tapylan iň gowy güýmenje.
— Ylham diňe iş wagtynda gelýär.
— Pikirleriň ene-atasy ýok, olar, perişdeler ýaly, biziň depämizde uçup ýör.

Hudaý hakynda

— Esasy mesele seniň ynanmaýanlygyňda däl, eýsem hudaýyň saňa ynanmagy dowam etdirmeginde.
— Men hudaýa ynanmaýaryn, emma ondan gorkýaryn.

Dälilik hakynda

— Eger delillerini diňleseň, hiç bir däli däli däl.
— Ümsüm däliler gelejegi golaýladýar.

Wagt we garaşmak hakynda

— Çakylyga garaşanyňdan biwagt geleniň gowy.
— Uzak garaşan ýene-de biraz garaşyp biler.
— Siz operasiýasyz oöup bilersiňiz, emma wagtsyz oňmarsyňyz.

Dostluk hakynda

— Ýalan dostlukdan bir minutlyk ýaraşyk has gowudyr.
— Iň gowy dost aýatda ýok dostdur.
— Hakyky dost – seniňden eliňden tutup, ýüregiňu duýýan dostdur.

Durmuş düzgüni

— Ejir çekmegi başarýanlara ynan.
— Ýerine ýetiriljegine ynanmasaň, ol buýrugy hiç haçan berme.
— Arzuwy iýip bilmersiň, emma ol doýrar.
— Beýle kän jan çekme, iň gowy zatlaryň hemmesi garaşman durkaň bolýar.
— Täze bir adama duşmazdan we onuň özüňe düşünmegine bil baglamazdan öň özüň gowy bol we düşün.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024