Malcolm X, Fewral, 1965
E. Ethelbert Millerden bir goşgy
men şu aýda ölerin.
emma bilmeýärin nädip.
edilmeli iş kän entek.
özüm üçin hederim ýok,
gorkýan betti, gyzlar üçin.
kä gijeler äpişgeden seredip,
a elimde sapança,
dik oturyp çykýan daňa.
bilýän adamlaryň neneňsi zalym,
gazaply bolup bilýänin.
ýigrenje hem körlüge
beletligim bar biraz.
doganlar bar garaşýan
sabyrsyz kast etmäge.
men ölerin şolar üçin,
galjak bolman yza, soňa.
hem olary başarşymdan söýerin.
alla şaýat bolsun maňa.