Surat

Göribiň sowgady

Gadym zamanlarda bir parasatly samuraý bolupdyr. Onuň bir topar şägirdi bolup, ol olara söweş tärleriniň pähim-parasadyny öwredipdir.

Günleriň birinde, sapak wagtynda onuň üstüne nadaralykda ýakasyny tanadan, gaty zalym bir söweşiji gelipdir.

Onuň eý görýän emeli garşydaşynyň aşa gaharyny getirip, ony söweşe çykar ýaly etmek we gyzgynyna ýalňyş üstüne ýalňyş goýberende, pursatdan peýdalanyp, ýeňmek bolupdyr.

Bu gezegem şeýle bolupdyr: söweşiji birnäçe paýyş söz aýdyp, samuraýyň reaksiýasyna garaşypdyr. Emma ol diýýämisiň hem diýmän, sapagyny dowam etdiripdir. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanypdyr. Samuraý üçünji gezegem gaýtawul bermänsoň, garaşany çykkmadyk söweşiji lapykeç bolup, gaharly çykyp gidipdir.

Şägirtler bu bolan zatlary duruşlaryna gözde-gulak bolup synlapdyr. Dyzmaç söweşiji çykyp gidensoň, olaryň biri durup bilmän:

– Halypa, siz näme üçin onuň masgaralamalaryna çydadyňyz? Ony söweşe çagyrmalydyňyz! - diýipdir.

Parasatly samuraý şeýle diýipdir:

– Haçanda size sowgat getirenlerinde, siz ol sowgady kabul etmeseňiz, ol kime galar?

– Öňki eýesine – diýip, şägirtler jogap beripdir.

– Bu göriplige, ýigrenje we masgaralamalara hem degişli. Sen olary näçe wagtlap kabul etmän saklansaň, olar şonça-da özlerini getiren adamda galar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024