Duzly dil we kütek akyl
Çagalar örän gymmat boldy, onsoň olara diňe garyplaryň gurby çatýar.
Indi hemme kişi hökümete işleýär, ýa aýlyk almak üçin, ýa-da salgyt tölemek üçin.
Delil asgyn bolsa, sözler güýçli bolar.
Biz göni gelip, haçanda biz bilen razylaşanda, öz pikir edýän zadyny açyk aýdýan adamy gowy görýäris.
Onuň merhum bolanyna beýik bolarça wagt geçdi.
Seni adam edip biljek ýekeje diri adam bar, olam seniň özüň.
Sen adamyň näme kemçiliginiň bardygyny biljek bolsaň, oňa wezipe ber.
Pul diýlen närse jennetden başga ýere girmek üçin ulanyp bolýan ählumumy pasportdyr, bagtdan başga ähli zada ýetirýän ählumumy üpjünçidir.
Duzly dil bilen kütek akyl köplenç bir kellede bile tapylýan närsedir.
Ýeňliş ony boýun alýanlar üçindir.
Amerikan çeşmelerinden alyndy.