Goýnuň ýolbaşçylygyndaky goşun
Men bir goýnuň öňbaşçylygyndaky ýüz arslanly goşuna garanda bir arslanyň öňbaşçylygyndaky ýüz goýunly goşundan has gaty gorkýaryn. Talleyrand.
Dünýäniñ bar garaňkylygy ýekeje şemiñ ýagtysyny basyp bilmeýär. Akyldar.
Admlar ugursuzdyr, paýhassyz işler ederler we diňe öz haýyrlaryna çaparlar. Emma sen olary barybir söý. Gowulyk etseň, adamlar seni gowusuramakda, ada çapmakda aýyplarlar. Ýöne sen barybir gowulyk et. Işiň rowaç, edeniň oňuna bolsa, töweregiňde aş dostlary hem ganym duşman köpeler. Barybir ýol aljak bol. Şu gün eden ýagşylyklaryň ertir unudylar. Barybir ýagşylyk et. Dürslük hem gönümellik seni goragsyz goýar. Barybir dogruçyl hem akýürek bol. Iň ýagty pikirli iň uly adamlary iň gara pikirli owunjak adamlar atyp ýykyp biler. Barybir uludan oýlan. Adamlar ejize duýgudaşlyk eder, emma güýçlä eýerer. Sen barybir ejizi golda. Ýyllap guranyňy bir gijede ýykmaklary mümkin, barybir gur. Adamlar hakykatda komege mätäç, ýöne kömek etseň öz ýakaňdan almaklary mümkin. Barybir adamlara kömek et. Barlyga gowulyk goý. Munuň üçin seň dişiňi döwerlerr. Barybir dünýä gowulyk goý. Kent Keith, ýazyjy.
Kä adamy sen hemişe aldap bilersiň, käte bolsa, hemme kişini-de aldamagyň mümkin. Ýöne sen adamlaryň ählisini elmydama aldap gezip bilmersiň. Abraham Lincoln
Biz hiç wagt aldanamyzok, biz öz-özümizi aldaýarys. Johann Wolfgang Goethe
Akmak bilen öli hiç wagt pikirini üýtgetmez. James Russell Lowell
Dostly bolmak üçin özüñ hem dost bolmagy başarmaly. R.W. Emerson, 1803-1882.
Eger dogry bolmasa, ol işi etme; eger çyn bolmasa, ol sözi aýtma. Marcus Aurelius
Ýaman adamlar iýip-içmek üçin ýaşaýarlar, ýagşy adamlar ýaşamak üçin iýip-içýärler. Socrates.
Adamlar dogry-dürs bolsa, kanunlaryň geregi ýok; adamlar bozuk bolsa, kanunlar-da bozulýar. Benjamin Disraeli (1804-1881)
Adamlary öz çygryňda, mal ýaly erksiz saklamagyň ýeke-täk ýoly aldawçylykdyr, ýagny olara ýalan sözlemelisiň. Eger-de biri saňa dogrusyny aýtman ýalan sözleýän bolsa, ol muny seni öz çygrynda saklamak üçin edýändir. Aldamak adamlara erk etmegiň ýalňyz ýoly ýa-da guraly bolup durýar. Eger-de biri saňa erk etjek bolsa, hökman hile-mekirlige ýüz urar, aldar. Ynanmasaň barlap gör, bu hemişe şeýle bolup çykar. Seni öz çygrynda saklajak bolýan kişi saňa ýalan sözleýär. Saňa erk etmegi dowam etdirmek üçin ol ýalan sözlemeli. Sebäbi diýseň, hakykat aýdylan badyna adam daşyna aýlanan çyzyk-agyldan daşaryk ätläp başlaýar. Onsoň ony agylyň içinde, erksiz saklamak kynlaşmak bilen bolýar. Netijede, bir gujak ýalana çümdürmezden hiç kimi öz çygryňda, mal ýaly erksiz saklap bolmaýar. L. Ron Hubbard.
Eger sen özüñ hakyndaky hakykaty aýdyp bilmeseň, özgeler baradaky hakykaty aýdyp bilmersiň. Virjinia Woolt
Hakykat hemişe azlygyň tarapyndadyr we azlyk elmydama köplüge garanda güýçlidir. Sebäbi azlyk umuman öz pikir-garaýşy bar adamlardan düzülýär. Şeýle ýagdaýda köplügiň güýç-kuwwaty daşyndan çak edilişi ýaly däldir, gowşakdyr. Sebäbi ol öz pikir-garaýşy ýok adamlaryň üýşmegidir. Şonyň üçin olar, azlygyň güýji aýan bolan badyna onuň tarapyna geçerler. Onsoň hakykat täze bir azlyga degişli bolar. Sören Kierkegaard.
Söýginiň garşylygy ýigrenç däldir, biparhlykdyr. Gözelligiň, görkanalygyň garşylygy bigörklük däldir, biparhlykdyr. Din-imanlylygyň garşylygy dinsizlik, imansyzlyk däldir, parhsyzlykdyr. Ömrüň, diriligiň garşylygy hem ölüm däldir, parhsyzlykdyr. Elie Wiesel, amerikan ýazyjysy.
Ýadyňda bolsun, seni ýigrenen-de bolar. Ýöne seň özüň şoň ýalylary ýigrenýänçäň olaryň alan galasy bolmaz. Emma şondan soň sen özüňi heläk edersiñ. Richard M. Nixon (1913-1994), ameikan syýasatçysy.
Zalym hökümdarlaryň garşysyna galkmak hudaýa gulak asmakdyr. William Penn (1644-1718)
Adamlar hudaý tarapyndan dolandyrylmalydyr, ýogsa olar zalym hökümdarlar tarapyndan ters aýlandyrylar. William Penn.
Geçirimli bol, her duşan bilen tutluşsaň, o söweşiň soňuna çykyp bolmaz. Plato
Akylly adamlar aýdara bir zatlary bolansoň gürleýärler, akmaklar nämedir bir zat diýmeli bolansoň gürleýärler. Plato
Pähimli adam özüni dünýä uýgunlaşdyrýar, pähimsiz adam bolsa dünýäni özüne uýgunlaýdyrjak bolup jan çekýär. Şu sebäpden ähli özgerişler pähimsiz adama bagly bolýar. George Bernard Shaw (1856-1950)
Öz pikir-garaýyşlaryň üçin göreş, ýöne olar durşuna hakykatdyr ýa-da diňe hakykatdyr öýtme. Charles A. Dana (1819-1897)
Adama bilim-sowat öwretmek ony gulçulyga tabyn bolmaz ýaly etmekdir. Fredrick Douglass
Metbugaty kontrolda saklaýan aň-üşügi kontrolda saklaýandyr. Jim Morrison
Men öz nebsini jylawlap bilen adamy ähli duşmanyny ýeñen kişiden zor görýän, sebäbi ýeňşiñ ulusy özüñe erk edip bilmekdir. Aristotle
Çyn aýakgabyny geýýänçä ýalan dünýäniň ýaryny aýlanyp çykar. Mark Twaine.
Biz ownuk ogrulary dardan asýarys, irilerini bolsa, döwlet işlerine belleýäris. Aesop, BEÖ 550.
Ejizler hiç wagt bagyşlamaz, geçirimlilik güýçlilere mahsus gylykdyr. Mahatma Gandhi.
Bir gezek garry atam şeýle diýdi: Adamlar iki hili bolýandyr, birleri iş eder, beýlekileri at-abraý alar. Sen birinji toparda boljak bol, sebäbi ol ýerde basdaşlyk azrakdyr. Mahatma Gandhi.