Surat

"Adamlar örän müňkür"

Amerikan ýomaklary

Bagtly maşgala

P.T.Barnum - meşhur tomaşa adamsy "Bagtly maşgala" atly sergi gurnardy. Bu maşgala ýolbarsdan, gaplaňdan, möjekden, aýydan we guzydan ybarat bolup, olaryň ählisi bir kapasada saklanardy.

"Haýran galmaly zat" - diýip, bir gün sergini görmäge gelenleriň biri jenap Barnuma ýüzlendi. "Gaty täsin, aklyňy haýran edýär. Bu jandarlar şeýle ýagdaýda näçe wagt bäri oňşuk edýär?"

"Sekiz aý bäri" - diýip, Barnum jogap berdi. "Ýöne guzyny wagtal-wagtal täzelemeli bolýar."

Adamlar örän müňkür

Sudýa: "Sen özüňe ynanan adamlary nädip beýle çürkäp bildiň?"

Tussag: "Wah, sudýa, özüňe ynanmaýan adamlary aldap bolýamy näme?"

Ýetilen arzuw

Bill: "Seniň çagalykda arzuw eden zatlaryňdan ýetip bileniň barmy?"

Pete: "Hawa, ejem saçymy daranda, klellämde saç bolmadyk bolsa bolmyýamydy diýip arzuw ederdim."

Ýitirilen pursat

"Sen ne beýle soragçy oglan" - diýip, kakasy olunyň ýüzüne igençli garaýar. "Men oglankam, kakama seňki ýaly kän sorag beren bolsam, näme boljagyny bilýäňmi?"

"Elbetde, çak edýän, şeýden bolanlygyňda sen häzir meniň soraglarymyň käbirine jogap berip bilerdiň" - diýip, ogly jogap berýär.

Meniň halaýanym

"Men hiç wagt öz başlygym bilen çaknyşamok."

"Dogrudanam şeýlemi?"

"Hakykat; ol diňe öz diýenini edýär, menem şonuň diýeni bilen bolýaryn."

Garaşsyzlyk

Arthur: "Diýmek, sen onda täze işiňde garaşsyz-da?"

Albert: "Doly garaşsyz. Men ol ýere ir sagat sekizden öň islän wagtym baryp, agşam sagat bäşden soň islän wagtym gaýdyp bilýärin."

Başyny çarady

Kiçijik Bobbi doglan güne çagyryldy. Gowşak ýerine belet bolansoň, ejesi onuň gözüne göni garap: "Ýene bir bölejik tort soran dälsiň-dä hernä?" diýdi.

"Ýok, ýöne men, saňa bişirder ýaly, hanym Smitden öz bişiren tortunyň reseptini soradym, olam maňa öz islegine iki bölek tort berdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024