Surat

Bilmezlik erbet, bilmek islemezlik ýaman

Any man who tries to be good all the time is bound to come to ruin among the great number who are not good. Niccolo Machiavelli
Elmydama gowy bolmaga çalyşýan islendik adam ahyrynda myrtarlar köplüginiň arasynda heläkçilige uçrar.

The foolish man seeks happiness in the distance. The wise grows it under his feet. James Oppenheim
Akmak adam bagty alysdan agtarar, akylly aýagynyň aşagyndan tapar.

Don’t waste your time with explanations: people only hear what they want to hear. Paulo Coelho
Düşündirjek bolup wagtyňy ýitirme: adamlar diňe öz isleýän zatlaryny eşidýärler.

Not to know is bad. Not to wish to know is worse. African proverb.
Bilmezlik erbet. Bilmek islemezlik has erbet.

When a man gives his opinion, he’s a man. When a woman gives her opinion, she’s a bitch. Bette Davis
Erkek adam pikirini aýdanda, ol bir erkek. Aýal adam pikirini aýdanda, ol bir ganjyk.

Words are, of course, the most powerful drug used by mankind. Rudyard Kipling
Sözler, elbetde, adamzadyň ulanýan iň güýçli neşesi.

Nobody can hurt me without my permission. Mahatma Gandhi
Özüm ýol bermesem, meni hiç kim ynjydyp bilmez.

In the middle of every difficulty lies opportunity. Albert Einstein
Her bir kynçylygyň ortasynda mümkinçilik ýatyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019