Surat

Adam näme üçin kän ýazgarýar?

Carl Jungdan bir damja

The healthy man does not torture others - generally it is the tortured who turn into torturers.
Sag adam başgalary gynamaz, umuman gynalanlar gynaýjylara öwrülýär.

Everything that irritates us about others can lead us to an understanding of ourselves.
Özgelerde biziň myrryhymyzy tutdurýan zatlaryň ählisi bizi özümize düşünmäge tarap ugrukdyryp biler.

Knowing your own darkness is the best method for dealing with the darknesses of other people.
Öz garaňky ýerleriňi bilmek özge adamlaryň tümlüklerine hötde gelmegiň iň gowy usulydyr.

We cannot change anything until we accept it. Condemnation does not liberate, it oppresses.
Biz kabul etmezden ötri hiç bir zady özgerdip bilmeýäris. Ýazgarmak azat etmeýär, ol aşak basýar.

Your vision will become clear only when you can look into your own heart. Who looks outside, dreams; who looks inside, awakes.
Seniň görşüň diňe öz ýüregiň içine seredip bilen ýagdaýyňda aýdyň bolar. Daşa seredýän adam göwün ýüwürdýär; içe seredýän adam oýanýar.

Through pride we are ever deceiving ourselves. But deep down below the surface of the average conscience a still, small voice says to us, something is out of tune.
Buýsanç arkaly biz hemişe özümizi aldaýarys. Emma kalbymyzyň çuňunda, ortaça wyždany aşak ýüzünde bir ýuwaş, kiçijik ses bize bir zatlaryň heňe gelmeýändigini syzdyrýar.

In each of us there is another whom we do not know.
Biziň her birimizde tanamaýan başga bir adamymyz otyr.

Life really does begin at forty; up until then, you are just doing research.
Durmuş hakykatdanam kyrkda başlanýar, oňa çenli sen diňe gözleg-agtaryş edýärisiň.

People will do anything, no matter how absurd, to avoid facing their own souls.
Adamlar, näme bolsa şol bolsun, öz köňüllerine göni garamazlyk üçin her zat ederler.

Man needs difficulties; they are necessary for health.
Adam kynçylyklara mätäç; olar saglyk üçin zerur.

Show me a sane man and I will cure him for you.
Maňa sag adamy görkez we men ony saňa bejerip bereýin.

Knowledge rests not upon truth alone, but upon error also.
Bilim diňe hakykata däl, ýalňyşa-da daýanýar.

Thinking is difficult, that’s why most people judge.
Pikirlenmek kyn, şol sebäpden köp adam ýazgarýar.

Unless you learn to face your own shadows, you will continue to see them in others, because the world outside you is only reflection of the world inside you.
Eger-de öz kölegeleriň ýüzüne göni seretmegi öwrenmeseň, sen olary hemişe özgelerde görer ýörersiň, sebäbi daşarky dünýä diňe içki dünýäň şöhlelenmesidir.

I am not what happened to me, I am what I choose to become.
Men maňa bolan zat däl, men öz bolmak islän zadym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019