Men-men betbagtçylygy

Men, men, men,
nädip beýle bolup bolýar,
näçe ýyldyr synlaýaryn,
eşidýärin gykylygyn,
iň esasy artyklygy -
utanjy ýok adamyň hiç,
haýasy ýok jinnek ýaly,
hem bihaýa diýýär başga,
ýüzi galyň diýilýäniň
hakykysy, belki, şudur,
derejesin bütin iliň
depýär aşak ädik geýip,
ýetir diýip bolsa dadyň,
öwrenipdir täze aýda,
täze bir söz, septemberi
aýdýar indi alyp badyn...

Öň ol içi arap, pars,
orus doly dilimizi
beter etdi öňküsinden,
bilen bolup orusçany,
indi, meger, başga dili
garyp, gatyp, sykjak jany...

Men, men, men,
açdym diýýär iliň gözün,
ýok edýärin diýýär zalym
hökümdary, ili soýýan,
belki, bardyr ynanýan-da,
garaşýan-da, gowy diýip,
eger bolsaň han ýerinde,
ilin çapan, satan ýurdy,
gülmeli sen her sözüne,
her gün täze köwüş geýip...

Men, men, men,
boldum diýýär yslamçy öň,
soň marksçy, ýaşlyk edip,
indi diýýär demokrat,
ýöne görsem gygyrýanyn,
ýada düşýär başga bir zat,
utanýaryn aýtmaga-da,
hüjüm edýän ýaly boljak,
ýeňileniň dili bilen,
bilýäňiz-ä domkraty,
içi ýagsyz, poslap ölen...

Men, men, men,
diýýär asy žurnalistler,
ejesini goýman sögüň,
bajysyny goýman sögüň,
soňra gidýär aýak sallap,
dyzanlaryň biri mundan,
beýlekisi ýitýär ýolda,
ýok, müýni ýok, gygyrýar ol,
ýene öňe çagyrýar ol,
goragyny pikir etmän,
soragyny pikir etmän,
ýitenleriň gara jaýda,
gaçar diýýär gorkup zalym,
batýar diýýär haýyn saly,
a baý bolan, beg bolanlar,
dünýe döräp, ýygan maly,
gülýär içi gyrlan ýaly...

Men, men, men,
biri diýýär, goý, gygyrsyn,
diýsin agza gelenini,
ýokdan gowy, çekiner han,
töweregi durşuna san,
ýal ýagysy, bilsin, gülki
kän ýadyna düşýän däldir,
beýlekisi diýýär, walla,
akyl-huşy ýerindäki,
görüp ejap edýär, Alla,
şumy diýip öňe çykan,
lider boljak nobatdaky,
men-ä görsem içýän diňe,
gülüp diýip, hä, guý, saky!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026