Erkek meselesi
Hawa, şeýle, sen erkek
18-iň dolanda,
aýal gerek, öý gerek,
alyp gaçdyň göwnedip,
özüň ýaly işsizi,
maşgala sen, okuwsyz,
düşünjesiz iki baş,
ejeň öňden biçäre,
aýrylyşan ärinden,
taşlap gaýdan öýüni,
hünäri ýok elinde,
tapan işin etmeli,
kireýine ýaşaýar,
sen dadyna ýetmeli,
ulalmagyň ýerine,
oňalmagyň ýerine,
berdiň ýüki agraldyp,
bolduň ata, çagaň bar,
türmä düşdüň soň gidip,
il etmeli namys, ar...