Adam sapagy

Adamlaryň düşünjesi, gylygy,
edep-ekram berilmedik wagtynda,
ýa düzüw däl ene, ata, töwerek,
eger-de sen işden kowup bilmeseň,
ýa almasaň elindäki jäjägin,
çaga ýaly, aglatmasaň çümmükläp,
ýa-da töhmet bilen türmä basmasaň,
öldürmeseň dälihanaň töründe,
niýet, päliň gowy bolsa, eliňden
geljek, boljak ýamanlygy etmeseň,
kuwwatyň bar, ýüregiňde adama
rehim bar, şepagat bar, çekilseň,
sanaşmasaň sanaşanda çylkasyz,
ezilen, öý-öwzary ýok üstünde,
kemsidilen, durşy bilen trawma,
ýa-da zordan bolan balak, köýnekli,
saňa diýer agza geleninin, durman,
şeýle bir sapak kän durmuşda, alsaň,
seresap bolmasaň urýar ol urman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026