Durmuş oýny
Ýaşulular, ýaşkiçiler ýene-de,
bagtly bolup oýnar ýeser, el çarpyp,
daşdan synlap, berekella diýmeli,
belki, munda geň-taňlyk ýok hiç hili,
her kim garaz öz çöregin iýmeli,
hem içmeli çaý-suwuny minnetsiz,
ýa minnetli, Allaň bereni bolar,
onuň işi, seniňki däl, etjegin
eden eýdip, beýdip, elin ýuwmaly,
aklamaly özün ömür öňünde,
hem özünden yrza bolup ötmeli,
göz ýummaly aýybyňa, ýatlaman,
hatda göni gelse, döşden itmeli...