Kyn ýaşaýyş
Degişmek kyn tankly bilen,
toply bilen, nökeri kän,
at diýilse, atýan gorkman,
ýa-da gorkup, kanun näme,
kada näme, bilmän asla,
türme bilen degişmek kyn,
sakçylary hyrsyz, hassa,
ele alyp galamyňy,
göreşmek kyn okamaýan
ilat bilen bile durup,
olar seni tanamaýar,
geljegi ýok alyp gitse,
eli ganly urup, süýräp,
ýaşamak kyn öz ýurduňda,
sözüň bolsa, sazyň bolsa,
ýaramaýan diýdimzora,
dogan-gardaş, pikirdeşler,
dymýar sessiz ötünç sorap...