Il derdi
Derdi bilýän bir, iki däl,
on müňlerçe, belki-de,
ol aýdymda, sazda, sözde,
gözlerinde adamlaryň,
ýöne derman gözleýänler,
ýa agzaýan melhem boljak
ot-çöpleri, çäreleri
ýok diýerlik gykylykçy,
galmagalçy bar diýmeseň,
ünsi çekjek bolýan diňe,
alyp gaçýan meseläni,
gozgaýany ýere sokup,
men-men diýip kakyp döşe,
gözün açýan bolup iliň,
öňem boldy, ýene bolar,
bady gaçýar şeýdip siliň...