Adamsyz döwlet

O döwletde häkim bar,
emeldar bar bir topar,
aýlyklary uly däl,
emma günlük ýeterlik,
üzmek üçin bergiňi,
hem almaga bereniň,
orden-medal paýlanýar,
ýylda ýa-da ýylaşa,
çydap bilseň kemsitmä,
ýazan bolup aýdanyn
iň esasy başlygyň,
maşgalanyň birinji,
kanun aýdan-diýeni,
galdyrma sen ýüzüňi,
adam bolma adam dek,
ýok ýaly et özüňi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026