Hataba hakykaty
Düýä münüp, hataba
bukan şahyr, ýazyjy,
gynanýaryn size, ýöne
kömek edip bilemok,
pikir etmäň, käbiri dek,
il derdine gülemok...
Has anygy, içimde
hasrat otyr ullakan,
sebäp – galdy ejem, kakam,
gözün dikip mazarda,
wiza berýän arly örän,
başarsa asjak dardan...
Düýä münüp, hataba
bukan millet, bilýärin,
düşünýärin hemmäňize,
men ol ýerde bolupdym,
bolmalydym iliň biri,
bolýar diýip galsam diri...
Agalarym, halypalar,
akyl, geňeş berýän kändi,
Kerim aga, beýlekiler,
gözli kör däl, görýärdiler,
daşdan, gyçak gaýalar däl,
bir agaç ýok ýaplanara,
şeýdip geçdi ömürleri,
ýürekde bir, dilde başga,
partiýany goldan bolup,
gargap öýde, arak bilen
galyp bolsa ikiçäk,
düýä mümüp, hataba
bukýan seni görýärin,
basyp alan nätdi bizi,
ýaşmagy bar her äriň...