Minnet
“Minnetli aş ajy bolar zäherden.” Magtymguly
“Oňa kömek edildi!”
Ýurtdan daşa çykarman
sakladylar ençe ýyl,
çünki tanalan adamdy,
sylagy bardy ilde,
kitap kökün ýazypdy,
emma sähnä “sag” diýip,
ogra “dogry” diýip ýazmany üçin
ýigrimi ýyl gara sanawda durdy,
ýurtbaşyna ýazsa “goýberiň” diýip,
şol bir öli jogap gaýdyp gelýärdi...
“Oňa kömek edildi!” -
diýýärler minnet bilen,
hamala aja çörek
beren ýaly bir döwüm,
diýmeýärler haky bardy adamyň...
Ogullary daşarda,
agtyklary daşarda,
gitmek, görmek isleýär,
ýaşy bardy bir çene,
eden jenaýaty ýok,
müňläp adam çykyp, girip, gezip ýör,
emma oňa “bolanok”.
Ýöne ahyr goýberdiler,
gitdi, geldi yzyna.
Ne çaýkandy köşki-eýwan,
ne şa çökdi dyzyna.
Ata, ogul, agtyk güldi, begendi.
Ýöne “kömek etdik” diýýärler indi.