Ýykyjynyň gurluşy

Olar ozal öldürdi,
ýüzläp, müňläp het eden,
agzyn açan adamy,
aýtjak bolup sözüni,
kellesi bar egninde,
pikir edýän üýşenmän,
gorkman pikir edýänden,
gaçman biri gürlese,
olar ozal çüýretdi
köp adamy sürgünde,
Sibirlerde, bilýär il,
gorkusundan gülýär il.

Göreşeni, durany
ynanjynyň yzynda,
ýa-da durup biljegi,
ýa beg diýdi, ýa-da baý,
ýa-da baýyň guýrugy,
ýok etdi ol, döwletmiş,
galdy diňe baş egen,
ýalan sözlän ýylgyryp,
ýaşulular, aksakgal,
ak gyňaçly eneler,
ýaşlar, ýurduň geljegi,
şahyr, ýazyjy, bagşy,
sazandalar saz çalyp,
goldadylar talaňy,
ömürlerin goraman,
gorap ony alany,
dowzah edip durmuşy,
dowam edýär, ýaşaýar
ýykyjynyň gurluşy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025