Başgalary günäleme

“Mert özünden görer, namart - ýoldaşyndan.” Atalar sözi

Başgalary günäleme, ýazgarma,
il üstüne atma ähli günäni:
“Ol eýle, bu beýle, ýol berenoklar,
çykyp bilmeýärin batgadan” diýip,
ýitirme wagtyňy zeýrenip, köýüp,
sebäbi başgany günäläp mydam
barmarsyň, ýetmersiň hiç bir menzile;
başgalary günläme, ýazgarma,
günäle, başarsaň, özüňi ilki,
ýöne özüň günälemek gargamak däl özüňe,
ýa saýmak däl şaldyr alyp özüňi,
tersine seretmek siňe, görüp bilmek kemisiň,
gowşak ýeriň birme-bir,
hem olary düzetmegiň üstünde
bek oturyp soňsuz işlemek, belki;
başgalary günäleme gyssanyp,
başla özüňden ilki!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019