Olaryň umydy ýok
Olaryň umydy ýok,
ertir jaýym ýykylmaz,
çagalarym bilen gyşda
köçede galman diýip,
ýa kowulman diýip işden,
atylmaryn diýip gara zyndana,
arkaýyn bolup bilmezler,
bolmasa akmak, dikdüşdi,
çünki jaýlary bikanun,
bolmasa-da bahana
tapar islese häkim,
edilýän işde hemişe
bolar bikanun ýeri,
her näçe işläbersinler,
döksünler-de ajy deri,
bilýärler el urlan ýerden
çykar näçe hapa diýseň,
olar diýýär umytsyzja:
“Çöpi bolýar kişmiş iýseň!”