Bize “haýyn” diýýärler

Bize “haýyn” diýýärler,
“biwatan – diýýärler – ýurduny satan”,
“haramzada” diýip sögýärler yzdan,
batga batan ýaly ýokardan dyzdan,
ne öňe, ne yza süýşüp bilýäris,
“däli-tentek” diýip arlaýar biri,
başga biri arza ýazýar bir gulaç:
“ýok ediň şol ýezidi, galdyrmaň asla diri”,
biz bilmedik bolýarys,
eşitmedik bolýas gara gargynjy,
emma yzda enemiz ýüregin tutup ölýär,
atamyz ýykylýar, agalar çökýär,
uýalarmyz hassa bolýar gorkudan,
inilermiz familýasyn çalşyrýar,
üç arkasy barlananda zürýadyn
düşürmezlik üçin gara sanawa,
onsoň biz ökünjek bolýarys neden
il dymanda dymyp bilmedik diýip,
ýa goşulyp ogurlyga, talaňa,
uludan ullakan jaýlara göçüp,
owadan maşynda çar ýana myçyp,
wezipe berlende baş egip başa,
bäş aýally, onbäş oýnaşly bolup,
haja gidip, iliň-günüň sylaýan,
ýa çekinýän adamsy
bolman gaçanmyz daşa
üçin müýnli ýaly dymýarys agyr,
“dönük” diýdirmejek bolsaň,
etmeli eken ili ýagyr...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024