Ýürekdäki gara deşik
Eger ýüregiňde bir deşik bolsa,
belki ýüregiňden ullakan, äpet,
gara deşik, hoňkaryp duran daşdan,
sen ony dolduryp, ýapyp bilmersiň
süri-süri maly sürseň içine,
uçarlary, altyn ýükli, zer ýükli
göni ýüregiňde gondursaň ýa-da,
gämileri, mas ýüklenen, hatarlap,
gatnatsaň içine, göýä bir ada,
sen onuň dermanyn tapyp bilmersiň,
bejerip bilmersiň özüňi, walla,
ýa ol deşik eger-eger ýapdyrmaz,
başgalary näçe entet ýa alda,
ýoluny ur çagalaryň, ogurla
iň gymmat zadyny, wagtyny eziz,
öňüňden çykany tut tanka, topa,
tekizle, ýyk obalary, şäheri,
agaçlary, bukulmasynlar, gopar,
barybir geçmersiň oýnap hem gülüp,
ol deşikden diňe dynmaly ölüp...