Bolan zat
Meniň çekýän ejirlerim,
okap, ýazyp gije-gündiz,
seniň çekýän azaplaryň,
ömür boýy sermenip ýer,
mal yzynda, ýa zawotda,
ýa ýat ilde dökülen der,
döwlet işi, aýlygy däl,
ýetik derdi, aladasy,
hassa edýän gün-güzeran,
bir, ikiň däl, ulus iliň,
halkyň görýän horluklary,
çagajyklar aç ulalýan,
ýok edilýän okuw, bilim,
umyt, ynam bilen ýurda,
kadaly zat, çydamaly,
gowy bolar ertir diýen
ertekiler kime bähbit,
kim bu ýerde diňe iýen,
doýan ajyň saçagyndan,
mätäçligi ýarag edip,
atman gowy ulananlar,
bu gidişde giden artar,
az bor yza dolananlar...