Aýlyk duzagy
Garaşlylyk, bu gün däl,
öňden gelýän zynjyr, ony
aýlyk bilen çalyşdylar,
ýeter-ýetmez, gara günde
ýaşar ýaly edip ili,
işgär çykar işden käte,
ýöne uzak gezip bilmez,
azatlykda, öz erkine,
gurup bilmez öz işini,
geler ýene hammallyga,
az agyran ýaly bili...