Çäre topy
Sen çärede çäresiz,
ýalan ýalan bar ýerde,
talaň talaň bar berde,
iň ýokardan aşaga,
iki ýüzli, üç ýüzli,
bassyr-ýussur oýuny
oýnamaly bar kişi,
gijä galmak bolanok,
gerek bolsa aýlygyň,
gatnaşmaly ir gelip,
belki, diýlen wagtyndan,
näçe bolsa garaşyp,
sowuk bolsun, gar syrap,
ýagyş-ýagmyr bahana
bolup bilmez hiç hili,
aýakgabyň öl bolsun,
çagalaryň bar öýde,
hyk-çok etmän durmaly,
yssy howa, ýakyjy
Gün kär etmez adama,
çäre bolsa, barmaly,
saýa, pylan gözlemän,
ýuwdup gelse gaharyň,
saklanjak bol sözlemän...
Erkek bolsaň, öýüňde
bolsa ýuwaş aýalyň,
arlap bolar baraňda,
gaharyňy çykaryp,
pürküp awy-zäheriň,
aýal bolsaň, döwülen,
ariň bolsa çäresiz,
çäredäki ýassyklygy
geçirmeli äre siz...
Iň goragsyz çaga bor,
hem atanyň elinde,
hem enäniň elinde,
hem elinde doganyň,
ýaşy biraz ulurak,
çäre pidasy bolan,
näme diýseň baş atar,
ýalana diýmez ýalan.
Adyn tutma onynyň
o pidasy bolarsyň,
adyn tutma munynyň,
bu pidasy bolarsyň,
jübisi giň, ullakan
adamlar bar, polisi
jübüsinde saklaýan,
garalaýan garalawçy,
aklawçylar – aklaýan,
çäresiz bor çärede,
bu durmuşmy, gargyşmy,
rehim ýok äre-de,
aýallara has beter,
gynanýarsyň çagasyn
gorap, durup bilmese,
adam özün kerpiç guýup,
günde gurup bilmese,
dikelmese, çäre hany
dowam eder ezişin,
sen çäresin gözlemeseň,
ol bitirer öz işin...
Sen çärede çäresiz,
o ýer gowy, ganymat,
bu ýer diýme has hatar,
diýme çäre ahyr bir gün,
garşylyk ýok, boşluk diýip,
dünýä gülki edip ýörmän,
bermän ahlak sapagyny,
ahlak näme, A-asyn bilmän,
goýar ili öz gününe,
käte gowy arzuw etmek,
ýöne iller öz-özüne,
çagasyna el salgasa,
kömek etse geljegini
ogurlaýan haýasyza,
gury ýerde batga batar,
bir ýerde däl, her ýerde,
çäre topy durman atar.