Açyk sapak
Bizi okadanlaryň ruhuna bagyşlaýaryn.
At gazanan bolmalydy,
hem gowurak aýlyk gowy,
açyk sapak berdi biri,
mekdep sowet mirasydy,
reforma garşy, ýagy,
duşman bolan açyklyga,
okap bilmän, ýazyp bilmän,
wagt ýitirse, etmän puşman,
pikirlenip bilmän düzüw,
özün aldap, ruhy aç,
ýat tutulan sözler bilen,
gaty kagyz – gerekli daş,
alsam bolýar diýip gülýän,
tamamlaýan kändi ony,
bilýän bardy, näme bolýar,
aýtmak, diýmek ýokdy muny,
bolmaýardy ilden çykmak,
dinden çykmak bolup kada,
ýokdy açyk gürrüň etmek,
başyň atmak bolup moda,
partiýanyň saýasynda
iň esasy gowy maska
goraýardy gara günden,
diýmelidi diýmelini,
özüň bolmak – agyr günä,
geýmelidi geýmelini...
Açyk sapak berdi biri,
geldi şäher mollumlary,
biletsiz, mugt, ýöne gowy
teatra gelen ýaly,
sahna, meger, döredilen
açmak üçin hile, aly,
ýa adamy adamlara,
öwdi üýşüp onlap ynsan,
çagalara sapak berýän,
gowy diýip çig sapagy,
täzelik däl, edilýän zat,
raýdaşlyk, goldamaly
kärdeş bolsaň kärdeşiňi,
emma biri turdy yzdan,
"O nämäniň gowulygy,
o nireden ussat bolýar,
o nireden halypamyş,
ýetişmedi sapagyna,
gowşak entek, öz üstünde
işlemeli at soraman,
açyk sapak berýän adam,
özün, bizi aldamasyn,
el galdyrýar okuwçylar,
tabşyrylan, belli, bary
bilýän bolup görünmeli,
gördüňiz-ä, jogap bermän,
näçe çaga açdy syryn,
pes klasyň taýýarlygy...''
Turdy gowur, goh-glmagal,
''O nähili, bu ussada,
bu halypa beýle sözi
diýip bilýäň, aýdyp bilýäň,
seniň özüň näme asla,
kimmişiň sen, bize gelip,
nokgy-nokgy eder ýaly,
aýyp gözläp bu mekdepden,
gülen bolup gider ýaly?..''
Bir, iki däl gygyrýanlar,
ol o ýerden, bu bu ýerden,
''içigara, görip, muny
kim çagyrdy, kim getirdi,
bozjak bolup kollektiwi?'',
diýilmedik zat galmady,
başga pikir aýdan bendä,
garşy çykan göz-görtele,
ýurda belli, dünýä belli
galplyklara, mekdep bolsa,
hüjüm edýän, ýykýan içden...
Adam diýdi turup ''Mekdep,
açyk sapak ýapyk bolsa,
saklar ili özgerişden,
bu bir şahsy mesele däl,
bir maşgala, öýe gerek,
meniňki däl ýeke, gowy,
ussat bolsa kärdeşimiz,
guwanmasam, begenmesem,
hudaý görýär, kör bolaýyn,
döwüm nana zar bolaýyn...
Biz çykaly, ýalňyş geldik,
ýa-da ýalňyş pikir etdik,
toba etdik, öz işiňiz,
at gazanan, ýene näme,
gerek bolsa alyň, beriň,
çagyrdyňyz, açyk sapak
diýilensoň döküp derim,
daşdan geldim, wagt ýitirdim...''
Gitdi pahyr, ikimi-üç,
pikirdeşi bilen çykyp,
gygyranlar begendiler,
el çarpdylar yzda galyp,
ozan ýaly kyn ýaryşda,
ýeňen ýaly, güýçli bolup...