Surat

Halkyň bilen dawalaşma

Bilmeseň-de taryhyny,
gelen ýerin görýän bolsaň,
dawa etme iliň bilen,
okuw jaýyn, mekdeplerin
agzybirje, üýşüp, bile
ýere ýegsan edýän bolsa,
bir, iki däl, onlarça ýyl,
toba etmän ölse, galsa,
jan ýandyrsaň, bolsa gülen,
dawa etme halkyň bilen.

Ýalňyşlary sanardan kän,
gygyrsa-da netijesi
her ädimde, her öwrümde,
ne öňüne seretse il,
ne yzyna seretse il,
eşitmese seret diýseň,
ýa gelmese eşidesi,
ýa lap etse bile-göre,
dawalaşma millet bilen,
hiç sözüne diýme ýalan,
gaýgy etme tanyş, biliş,
ýanar diýip ilen, çalan.

Düzüw bolsaň, para alman
garyp gelse, möhümini
bitireniň görüp gyzsa,
samsyk diýse sada görüp,
ýa ynanman, iki ýüzli,
gowy bolan bolýar diýse,
hem ýigrense çydap bilmän,
dawa etme adam bilen,
partbiletli ýa biletsiz,
kitüw saklan içinde kän,
elden gelse, her zat edip,
okajaga ýer goýmaýan,
işlejege ýer goýmaýan,
pesi gözläp özünden has,
garny, gözi hiç doýmaýan,
dawa etme erkek bilen,
baryn, ýogyn güjeňleýän,
iki günlük ösen, baýan,
gowy boldy, hezil boldy,
ýaş aýal kän diýýän, he-he,
aňsat boldy, näçe alsaň,
alyp bolýar, saklap bolýar,
kowup bolýa ýazylyşman,
iň gowusyn saýlap-seçip,
beýdip ýörme diýýän senem,
ömür durmaz, gider geçip.

Halkyň bilen jedelleşme,
adalaty, dogulmadyk,
ýa-da doglan, emedekläp,
ýörjen-ýörjen bolup bilmän,
igli çaga bolup galan,
gömýän bolsa diri ýere,
din edinse ýalan sözi,
ýüze gelip kyn, gyssagda,
aman galmak üçin özi,
ýa-da nepi üçin çala,
her töhmeti atýan bolsa,
gaşyn çytman, gyzman ýüzi,
şaýat bolsa galpdan, ýumrup,
diňe başgaň ojagyn däl,
öz öýüni, uzagyndan,
öz ertirin iýse şu gün,
çagasynyň, agtygynyň
gelejegin ogurlasa,
diýme ile bar ýazylan,
ýa-da ýazylmadyk ýasa...

Uly bilen dawalaşma,
hajy bolan, bajy bolan,
ak sakgally, ak gyňaçly,
bilip edýän ters işleri,
akly ýetmän, gögele däl,
kiçi bilen dawalaşma,
birnäçe dil bilýän, ösen,
goý, ýaşasyn aman-esen,
goý, öz-özün satsyn millet,
çyksyn islän depesine,
ýa islänin, garaw görmän,
özi bilen ýa-da aýry,
itsin islän çukuryna,
ýazyjysy, şahyrlary,
alymlary, akylly kän,
žurnalisti, hökmi zoruň
islänini ýazýan diňe,
orden alsyn, medal alsyn,
at-dereje alsyn bary,
bagtly bolýan bolsa şeýdip,
gutly bolsun, nesip etsin,
diý bolupdyr, berekella,
bahyl, göýdük diýmesinler,
galan galsyn gözün ýaşlap,
mekdeplerin ýumuran il,
adalaty gömen diri,
düşünmän däl, aňryk geçip,
gaçsaň kowar eli daşly,
iliň bilen dawalaşma,
kel diýmesin bolsaň saçly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025