Gürleňgüjük kyyssasy
Adam bolsa ýazýan, bozýan
göwni ýetmän ýazanyna,
soň ösmese, özün gözläp,
gürleňgüjük bolup galsa,
çukurynda, özüne bap,
kybap bolan deň-duşuna,
sowet aragyny içen,
çeken owgan tirýegini,
okamasa özgerişin
özgeleriň, açyk kitap,
diňlemese, düşünmese,
gürrüň edýän, pikirini
gizlemeýän nesilleri,
öňden galan, yzdan gelýän,
o milletde, bu milletde,
tanamasa başgalary,
öz gözünden bakyp diňe,
hä berse-de gürleşende,
onuň, munuň sözlerine,
ynanmasa niýetine,
galsa özi bilen mydam,
durmuş oýun bolsa oňa,
bilmezlige salsa adam,
görmezlige salsa adam,
kä diýseň-de bes et ýadap,
dowam eder oýnun nadan...