Ýürekdäki tütün

Türkmen diýýär ýekäniň
çaňy çykmaz, agzybir,
jebis bolalyň dilde,
iş ýüzünde iki, üç,
ýa dört bolup gürleşip,
dogry, düzüw işleri
bitirmeýär birleşip,
hökman agzy alarýar,
çekýär hersi bir gyra,
tutulmadyk aýynyň
derisini, meniňki,
ýöne şerde bitewi,
ýa-da namart oýunda,
dil tapyşýar, sada il
haýran galýar aňalyp,
ýurt malyny çapmakda,
ogurlykda birleşýär,
ýa birleşýär ýalanda,
bir-biregi ezmekde,
kemsitmekde esasy,
sokýar ýere garawsyz,
ejiz bolsa doganyn,
doganoglan, ýegenin,
aljak ýerin, bar zadyn,
itjek özün çukura,
çagasyna gynanman,
sylagy ýok adama,
diňe gorky saklaýar,
gel, geleli bir ýere,
bir-biregi goraly,
horlanmasyn çagalar,
garry-gurty, aýal-gyz,
diýseň diýýär şeýdeli,
emma beýle işlerde
bogulmaýar hiç sübse,
sebäbi ýok ynamy,
diýýär iller goldamaz,
belki, mamla, bilýändir,
ot bolmasa, tüsse ýok,
ýa içerden gelýändir...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025