Ýyrtyk balaklynyň pendi
Belki, ýatyp kän diňledim,
her ugurdan akyllyny,
telefonym galyp açyk,
huşum, düýşüm garym-gatym,
biri geldi, aýakýalaň,
ýyrtyk balak, kitap satyp...
Al birini, hakdan gelen,
azat eder diýip seni,
at boldy-da ýaňky birden,
alyp gaçyp gitdi meni.
Ne eýer bar, ne jylawy,
nädip mündüm üstüne men,
bilip bilmän ýapyşýaryn,
däli ýaly, ak ýalyndan.
Diýdi birden dil açyp at:
Galma haýran, bu durmuşda
gelýän zatlar, bolýan zatlar
diňe seniň meseläň däl,
bolmady ol hiç mahalam,
biri seni halamaz, çyn,
ýa ýigrener içden gaty,
ýöne bu oň meselesi,
biri saňa kazy bolar,
gara çalar beýlekisi,
höküm edip öz ýanyndan,
ýetsin ýerne ýa ýetmesin,
bu olaryň aladasy,
ýa gorkusy özlerinden,
ýatyp bilmän ak gijeler...
Öňden urýan sowuk şemal
ot çykardy gözlerimden.
Dowam etdi kitap satan:
Watanly bol ýa biwatan,
sen özüňi köseme hiç,
olar etsin gara gaýgy,
hakykaty bolsa şeýle,
ýa-da bolsa agramlary,
sen olary taşlan günüň,
zyňan günüň alman alga,
güýç-kuwwatyň ýitirmegi,
dargamagy çar tarapa,
ýok etmegi özüň arzan,
ýa mugtuna, bes edensiň,
goý, çekilsin, gaty görüp,
gitsin ýakyn-ýatlar daşa,
birleşsinler başga bilen,
begen diňe, ýoluňyz ak,
ýoldaşyňyz hakdyr diýip,
düşünersiň gitdigiňçe,
aldygyňça menzilleri,
her ýatan daş ýa-da agaç,
duran ýa-da ýykylansoň,
ýele garşy durman uzak,
seniň işiň, aladaň däl,
ýa birleri gursa duzak,
saňa diýip öz-özüne,
degmez, durma başyň ýaýkap,
çeşme duşsa, ýüzüň ýuwup,
git ýoluňa agzyň çaýkap...
Sen her kimiň galybyna,
çatmasyna girjek bolup,
ýatjak bolup gowagynda,
odun, suwy ýeter, ýetmez,
egniň gysma, başyň aşak,
ýere çenli salma, besdir,
çäkli adam çäkli bolar,
gözýetimi, pikirleri,
sen hemmäniň sen hakdaky
tamasyny ödemersiň,
düşünmersiň islegine,
besdir, ýaşa özüň üçin,
ýeňil geçer biraz günüň,
azat borsuň gijelerne,
güýçli borsuň, borsuň sagat,
sen özgäniň durmuşyn däl,
öz durmuşyň gurmalysyň,
kesekleýän ursun seni,
sen nyşana urmalysyň,
gaýgy etmän geçenleri,
bolanlara boldy diýip,
gitmelisiň öňe diňe,
öz päliňde durmalysyň...
Kimdigiňi bilmejegi,
öz deňinde goýup diňe,
görjekleri has aşakda,
kökerilen süri bilen,
gaýgy etme, bu seň düýşüň,
bu seň doglan il, ýurduňy
ýere bulap urdugyň däl,
pikir etmän boljak işi,
ýok, tersine, sen olara
görkezersiň başga ýoly,
eger görüp bilse biri,
ýa ikisi, düşündirer,
üçünjisi diýer ähä,
bu aňladar seniň onuň,
ýa-da munuň öwgüsine,
tarypyna zar däldigiň,
gidendigiň öňe beter,
o biriniň, bu biriniň,
aýdanlary, hakykaty,
diýmän bolýar, maňa ýeter.
Gora güýjüň, kuwwatyňy,
duran ýeriň sakla, berme,
goý, adamlar pikir etsin,
aýtsyn pikir, düşünjesin,
gerek bolsa, geregini
alar iller, seniň işiň
öz geregiň bilmek diňe,
bilmek diňe öz niýetiň,
öz janyňy, iň mukaddes,
ony başga birleriniň,
üýtgäp duran ýele, güne,
öwsüp duran çar tarapdan,
özün bilmän gürleýäniň
gepi bilen sowma arzan,
dahylly däl saňa iller,
sen özüňe çekme iliň
aýdanlaryn, diýenlerin,
al yzyna ynanjyňy,
ýaly bolma elin ýuwman,
arzuwda kän iýenleriň...
Belki, ýatyp kän diňledim,
her ugurdan akyllyny,
telefonym galyp açyk,
huşum, düýşüm garym-gatym,
biri geldi, aýakýalaň,
ýyrtyk balak, kitap satyp...