Mydar nokady

Milan Kunderanyň äheňinde

Gara güýje garşy göreşi iliň,
ýa adamyň, zulum bilen dikleşýän,
hakydasyn, huşun goramak bolar,
durmak bolar öz iliniň ýanynda,
aýdymlaryn, sazyn ýatdan çykarman,
edebini, adyn, asyl gylygyn,
ojagyny ojak eden alawly,
ojar odun, sazagyny unutman,
at çapan düzlerin çykarman ýatdan,
çünki halky ýok edýänler birleşip,
onuň huşun, hakydasyn bozarlar,
ýok ederler kitaplaryn, sungatyn,
taryhyny ýok ederler, soňundan
çöpläp iliň ogul-gyzyn düşünýän
ýeke-ýeke düşürerler duzaga,
tylda ýa-da alyp gidip gelmeze,
ýok etmäge başga ili, milleti,
arasynda ýazyp başga taryhy,
ýykylsa, durmasa aýak üstünde,
gara güýje garşy göreşden adam,
gitse gaçyp, ýat illerde aglasa,
akyl-huşun jemläp bilmän başynda,
kimdigini, nämedigin unudar,
bu bolar oň, meger, soňky pillesi,
niçik diýseň diýer edýärin mydar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025