Oňaýsyz sorag
Ýadynda däl olaryň hiç
kim bolany öň, ozallar,
ýadynda däl atlary-da,
ene-atasynyň dakan,
ata-baba ýadynda däl,
goran ýurdy, ojagyny,
toprak goýan çagasyna,
yzynda kän, dag, derýaly,
olar indi diňe diýlen,
aýdylany bilýär hemem
diýen edýär, asýar gulak,
sorag bermän hojaýyna,
güman etmän oýnuň soňun,
eger biri aýtjak bolsa,
döwjek bolsa buzuň doňun,
gaçýar süri bolup ondan,
ýok, gerek däl, ýatlatma sen
urlanlary, gyrlanlary,
uruşlaryň bahasyny,
açlyk näme, gorky näme,
ýeter bize, öň erbetdi,
indi gowy, altyn asyr,
baýdagymyz pasyr-pasyr...
Diýýär käsi alajym ýok,
işim bolsa, aýlyk alsam,
diýlenini etmeli men,
git diýlene gitmeli men,
gelmeli men gel diýilse,
işsiz gorkýar agzyn açsa,
has beteri geljer başa,
çydamaly diňe dymyp,
Alla berse, bolýar ýaşap,
ýogsa dönük, haýyn adyň,
ara alyp, dalasalar,
hiç hudaýa ýetmez dadyň,
bilmedik bol bolýan zady,
ýok, uruş ýok, bu bir häki
türgenleşik, harby tälim,
eger adyn täzeleseň,
ýa tutmasaň, bu bir umyt,
belki, ölüm bolmaz ölüm,
pikir etme artyk-süýşük,
iller nirä gitse üýşüp,
düş yzyna, galmajak bol,
diýme agyr, heläk eder,
däl bolmasyn bu dogry ýol...
Ýok hiç günä adamlarda,
gowy, erbet diýme kimsä,
bu bir ulgam, gurlan öňden,
pikir etmek, oýlanmak ýok,
saklamak ýok ýatda bolan,
geçenleri ilik-düwme,
galýar diňe başyň atmak,
bilýän biri bar ýokarda,
öňe diýse, öňe gitmek...
Ýöne iki-ýeke çykyp,
sorag berýär, bu ýerde bir
ýalňyşyk bar, gorkýaryn men,
atam pahyr kast edenler
pes bolarlar diýipdi öň,
men näme üçin işgär bolup,
ele ýarag alyp, alman,
çagasyny aç goýmaly,
ýa okuwsyz o biriniň,
töhmet atyp, türme salyp,
diňe işsiz goýup oňman,
näme üçin urmaly men,
näme üçin gargamaly,
o birine, özüm ýaly,
diňe pikir edýär diýip,
ýa-da berýär diýip sorag,
ýa men huşsuz, robotmy,
maşynmy men din, imansyz,
bu soragy berýän barka,
hemme diýip bolmaz jansyz.