Mamla bimamla

Döwlet, özi mamla bolup bilmedik,
däli diýer, tentek diýer sagada,
gaýrat tapan, bolmasa-da goldaýan,
il diýilýän dar jaýlara gabadyp,
sesini çykarman, gul bolsa aýan,
jenaýatçy eder döwlet mamlany,
ýalan şaýatlary ýygnap, üýşürip,
gorkuzylan, ýa nepine satylan
nökerleri bilen garalar ony,
diňlejek ýok bu gürrüňi et, etme,
her ülkede bilýän adam kän muny.

Sagat bolsaň, gyzykly däl hassalyk,
ýöne hassa däri-derman gözleseň,
a ol hüjüm etse özüňe seniň,
özi ýaly hassalara daýanyp,
galamly, gazetde işleýän käsi,
beýlekisi ak halatly, dogrusyn
aýdýanlary ýek ýigrenýän, ýa asy,
garalawçy bolup gün görýän süri,
aýlyk alsyn ýa almasyn işinden,
mätäçligi syrtmak bolan boýnuna,
biri palçy bolar, biri müjewür,
kän seredip, gelme hassaň oýnuna.

Diýenini etmedikler döwletiň,
ýok ediler bir, ikiden, görnetin,
ýa ýuwaşja, ýöne käsi saklansa,
gerek bolsa biribara, düşünmän,
güýji ýetmän kast edeniň özüne,
özi ýaly pidalara topular,
garalawçy bolar Gurbanbibi dek,
nämemişin, etmändirler diýenin,
töhmet atar düşüp döwlet deňine,
şeýdip pida açar asyl ýüzüni,
meger şondan düýnki mamla, ýanalan,
mamla bolmaz çekseň ähli sözüni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025