
Ikilikçi asyry
Öňki mugallymyň dilinden ýazylan goşgy
Ol TikToga çykmazdan öň,
bolan bolup syýasatçy,
bolan bolup hakykatçy,
ýa başga zat, Alla bilsin,
görsem-de kän ikilikçi,
şermendäni, harp ýalňyşyn
aýtsaň özüň utandyrýan,
aglap uly sesi bilen,
soň diplomly, ýurdy ýykan,
bu taýpany tanamazdym,
ýüzi galyň, depä çykan...
Tiresi ýok, milleti ýok,
ýurdy-da ýok, din, imansyz,
näçe bolan bolsun mömin,
ikilikçi, okamadyk,
düşünmedik okanyna,
şeýle bir kän, şeýle köplük,
biri-birin görýär daşdan,
hüjüm edýär bileleşip,
bu beýle däl, eýle diýseň,
ýok edýärler düşünýäni,
duýdurýany gorpy öňde,
gorpa öwrüp bu dünýäni...
Kän okatdym, ýyllar geçdi,
her klasda alty, ýedi
öý işini edýän bolsa,
begenjimden göge uçup,
emma ene-atasyndan
ters görelde alýan kändi,
kändi okan bolan bolýan,
kitap görse, gidýän gaçyp,
baky galýan ikilikçi,
kürsüsinde aýbyn açyp...
Olar ussat, utanmaýar,
il utanýar, ýer ýarylsa,
girsem diýýär jaýrygyna,
ýaranmarsyň, nämeler et,
bolmaz berjek bolsaň medet,
gaharlary gelse erbet,
gygyrsalar, daglara gaç,
gaç jeňňele, ýolbars iýsin,
ellerinde galma gallaç.