Kitap diýilse
Ýazyjylar diýýärdiler, sylanýan,
guwanylýan adamlary ulusyň,
ýagşy, ýaman atly, kitaby çykan,
okyjylar bardy, garaşýan täze
kitap ýa-da gazet, žurnal çykanda,
hatda ejesine bermän okajak,
arman köpdi ýek-ýigrenýän tankydy,
tankytçyny, oky bolsa gözünde,
salymyny bermän urjaklar, belli,
edilýän gürrüňler öýke-kineden,
gahardan doludy, ýazan zatlaryn
öwmelidi ýerde, asmanda goýman,
ýöne biri öwülende beýleki
janyna hiç kwartira tapmazdy,
aýamazdy agzyn hapa sözlerden,
ahyry birigen tankyda garşy,
baryp soradylar, haýyş etdiler,
ýok etsene, tankyt derkar däl bize,
zordan duran ili gorpa itdiler...
Sapar kömek etdi, ýok boldy gazet,
kagyz bolup galdy žurnallar diňe,
bir adama bagyşlanan boş sözli,
okasaň ýa gulak assaň, seretseň,
habarlar kör etjek bolsaň-da gözli,
şeýdip dogdy iň ullakan ýazyjy,
şa şahyry zamananyň, asyryň,
kitabyny okamaly üç gezek,
başga zada bakman, başyň basyryp,
jennetiň gapysy açylar ýaly,
ýazjylar boldy aklawçy, örtüp,
o tarapy açyk hiläni aly,
gülýär iller kitap diýilse indi,
ýazyjylar diýýärdiler olara,
öz-özleri etdi günün ikindi.