Adat
Sen “bolanok” diýseň, bolmaz boljagam,
Sen “gelenok” diýseň, gelmez geljegem,
Ýöne ilde öňden gelýän adatdyr,
“Ýagşy” diýer bir sagatdan öljegem.
“Ýok, bolanok” diýip, bolduryp bolmaz,
“Bolar” diýip başla tutan işiňi;
Bolmajagy boldurýandyr bolarlar,
Bolmajaklar gysyp döwer dişini.
Bolmajak däl, boljak bolan bolýandyr,
Aglajak däl, güljek bolan gülýändir;
Ýol başynda durma galdyrap, gorkup,
Giden geler ýa-da işi gelýändir.
Şondan diýipdirler: “Giden getirer,
Oturan nyrh sorar”, delminip bakyp;
Sen “bitenok” diýseň, bitmez hiç bir iş,
Iş bitirler diňe ugruna çykyp!
()