
Möwriti geçen akyl
Jübüsinden gelýän sese,
gelýän sese saçagyndan,
ojagyndan, gazanyndan,
çemçesinden gelýän sese
ynanmaýan otuz ýyllap,
muňa derek dik tutmaly,
telpek geýen başyn sallap,
gulak asýan hökümete,
bile ýykyp bilim jaýyn,
saglyk jaýyn, kanun jaýyn,
berim berip saga, çepe,
gülen bolup ýalan gepe,
bilen bolup edýän işin,
elin çarpýan adamlara,
ýa-da dymýan, esijiniň
iň isleýän işin edip,
has köp bilip, düşünmän däl,
seni samsyk hasaplana,
ýa diýýäne sag däl, belki,
boljak bolma aýdyp dana.