
Iýdirseň
Sen iýdirýän el bolsaň,
haýsy ýerde, parhy ýok,
agzy tagam tapanyň
bilmän ozal kimdigin,
ýa soň bolanyn näme,
ýetişmeseň çekmäge,
gopardarsyň eliňi,
ýöne gaçsaň, yzyňdan
salar hapa dilini...
Gyzyklanýan taraplar
kömek eder pahyra,
özün aklap aglasa,
dözmän ýa-da ulanyp,
diýýän ýaly eliňi
açmajak bol dolanyp.