Aljak zadyň
Gowy ýeri kyn günleriň durmuşda,
aglanyň däl ýalap ganan ýaraňy,
kimiň, nädip salanyny aňşyrman,
ýalňyşanyň bilmän nirede, haçan,
ýa-da däl ol gutulanyň ahyry,
özüň tapyp öz emiňi, dermanyň,
sen her kimiň öz ýüzüni görersiň,
gelen, geçen, ýaprak ýaly dökülip,
şaha bolan kä ýellere tap gelip,
soňra döwlüp, ýeke goýan tupanda,
hakyky ýüzlerin görkezer gizlän,
düşünersiň nirelere geleniň,
kimler bilen, nädip, nirde galanyň,
nämeleriň saklanyny ýoluňdan,
şu bor, belki, ýaşaýyşdan alanyň.